255
ASUDA EÝEÇILIK ETMEK, ÜÇÜNJI TARAPLARYŇ HUKUKLARYNYŇ ÝA-DA BAŞGA HUKUKLARYŇ
BOZULMAZLYGY BOÝUNÇA GÜMAN EDILÝÄN KEPILLIKLERI BERMEKDEN ÝÜZ ÖWÜRÝÄR. KÄBIR
ÝURISDIKSIÝALARDA GÜMAN EDILÝÄN KEPILLIKLERIŇ KADADAN ÇYKMALARYNA ÝA-DA
ÇÄKLENDIRMELERINE RUGSAT BERILMEÝÄR, ŞOL SEBÄPLI ÝOKARDAKY KADADAN ÇYKMALAR ÝA-
DA ÇÄKLENDIRMELER SIZE DEGIŞLI BOLMAN BILER.SIZIŇ SAMSUNG-DAN ÝA-DA ONUŇ
ŞAHAMÇALARYNDAN ALAN DILDEN ÝA-DA ÝAZMAÇA HIÇ BIR MASLAHATYŇYZ ÝA-DA
MAGLUMATYŇYZ SAMSUNG-YŇ PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI BOÝUNÇA KEPILLIK BERMEKDEN BU
ÝÜZ ÖWÜRMEGINI ÜÝTGETMEÝÄR ÝA-DA SAMSUNG-YŇ ISLENDIK BIR GÖRNÜŞDE KEPILLIGINI
DÖRETMEÝÄR.
12. Samsung goýmalary we hyzmatlary
Käbir goýmalaryň we/ýa-da hyzmatlaryň standart ýüklenimelgi ýa-da Dakylýan enjama göçürip
alynýan bolmagy mümkindir. Şeýle goýmalar we/ýa-da hyzmatlar üçin Samsung Hyzmat agzalygy
(“Samsung account“) gerek bolup biler. Samsung account boýunça borçlaryňyz we hukuklaryňyz
aýratyn şertler we düzgünlerde, şeýle hem Samsung account-yň gizlinlik syýasatynda beýan edilýär.
13. Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi
SAMSUNG PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI, ONUŇ MATERIALLARYNY WE FUNKSIÝALARYNY
ULANMAGYŇYZ ÝA-DA ULANYP BILMEZLIGIŇIZ BILEN BAGLANYŞYKLY ÝA-DA ŞONDAN GELIP
ÇYKÝAN ISLENDIK ZEPERLER, ŞOL SANDA, ÝÖNE DIŇE OLAR BILEN ÇÄKLENMEZDEN,
ÝALŇYŞLYKLAR, GELEŇSIZLIKLER, BÖKDENMELER, ÝETMEZÇILIKLER, OPERASION ÝA-DA GEÇIRIŞ
GIJIKMELERI, KOMPÝUTER WIRUSY, BIRIGIP BILMEZLIK, TOR TÖLEGLERI SEBÄPLI ÝA-DA ŞOLAR
BILEN BAGLANYŞYKLY ÝÜZE ÇYKAN ZEPERLER, SAMSUNG-A ŞOL ZEPERLERIŇ ÄHTIMALDYGY
DUÝDURYLAN BOLSA-DA, ÝÜZE ÇYKAN ÄHLI BEÝLEKI GÖNÜMEL, GYTAKLAÝYN, ÝÖRITE,
TÖTÄNLEÝIN, SAPAK ALARLYK ÝA-DA NETIJELEÝIN ZEPERLER SEBÄPLI JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEZ.
KÄBIR ÝURISDIKSIÝALARDA TÖTÄNLEÝIN ÝA-DA NETIJELEÝIN KADADAN ÇYKMALARA ÝA-DA
ÇÄKLENDIRMELERE RUGSAT BERILMEÝÄR, ŞOL SEBÄPLI ÝOKARDAKY KADADAN ÇYKMALAR ÝA-
DA ÇÄKLENDIRMELER SIZE DEGIŞLI BOLMAN BILER.ÝOKARDA GÖRKEZILENLERE GARAMAZDAN,
ÄHLI ÝITGILER, ZEPERLER, ARZ-ŞIKAÝAT ESASLARY, ŞOL SANDA, ÝÖNE DIŇE OLAR BILEN
ÇÄKLENMEZDEN, ŞERTNAMA ESASLANÝAN ÝITGILER, ZEPERLER, ARZ-ŞIKAÝAT ESASLARY, ŞEÝLE
HEM RAÝAT KANUN BOZULMASY ÝA-DA PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ULANMAGYŇYZDAN ÝA-
DA ŞU YLALAŞYGYŇ BAŞGA BIR ŞERTINDEN GELIP ÇYKÝAN ÝITGILER, ZEPERLER WE ARZ-ŞIKAÝAT
ESASLARY ÜÇIN SAMSUNG KOMPANIÝASYNYŇ SIZIŇ ÖŇÜŇIZDÄKI JEMI MADDY JOGAPKÄRÇILIGI
SATYN ALYJYNYŇ HUT ŞU PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI ÜÇIN TÖLÄN MUKDARYNDAN KÖP
BOLMALY DÄLDIR. ÝOKARDA GÖRKEZILEN ÇÄKLENDIRMELER, KADADAN ÇYKMALAR WE
JOGAPKÄRÇILIKDEN ÝÜZ ÖWÜRMELER (ŞOL SANDA 11 WE 12-NJI BÖLÜMLER) DEGIŞLI
KANUNÇYLYGYŇ RUGSAT BERÝÄN MAKSIMAL DEREJESINDE ULANYLMALYDYR (HATDA, ISLENDIK
HUKUK GORAG SERIŞDESI ÖZ ESASY MAKSADYNA ÝETIP BILMEÝÄN HEM BOLSA).