10
Г
АРАНТИЙНЫЙ ТАЛОН
Türkmenistan üçin kepillendirişiň şertleri
Panasonic Corporation kompaniýasy Gazagystana, Özbegistana,
Gyrgyzystana, Täjigistana we Türkmenistana göýberilýän ähli
önümlerine 3 (üç) ýyl öndüriji tarapyndan kepillik berýär, bu kepillige:
1.Kiçi-ATS-ler; 2.Kopiya (nusga) ediji tehnikalar; 3.Noutbuklar; 4.Howa
kondisionerleri; 5.Wideoproyektorlar; 6.Elektroesbaplar degişli däl.
Şu kepillik taýýarlaýjy tarapyndan sarp edijileriň konstitusion we beýleki
düzgünlerine goşmaça hökmünde beriýär hem-de hiç haçan olary
çäklendirmeýär.
Şu kepillik eger-de haryt şu aşakdaky şertler berjaý edilende serişdeler
ýa-da ýygnalma sebäpli näsaz diýip ykrar edilse:
1. Haryt diňe Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we
Türkmenistan ýurtlarynyň çäklerinde satyn alynmalydyr hem-de
ulanmak boýunça gözükdirijilere berk degişlilikde we tehniki
ülňülerinden we/ýa-da howpsuzlyk talaplaryndan peýdalanmak arkaly
ulanylmalydyr. Modeliň resmiligi we kepillik möhleti www.panasonic.
com sahypasynda barlanylýar.
2. Şu kepillik haçan-da zeper ýetme ýa-da näsazlyk ýangyn, ýyldyrym
ýa-da beýleki tebigy hadysalar; mehaniki zeper ýetme; nädogry
ulanyş, şol sanda ulanyş boýunça gözükdirijide agzalanlardan
tapawutlylykda sarp ediş çeşmelerine birikdirme; çendenaşa
güýjenme netijesinde ulanyşdan çykmak; könelme; sowuk-sala
garaýyş, şol sanda önüme keseki zatlaryň we mör-möjekleriň
düşmegi zerarly; abatlaýyş ýa-da sazlaýyş zerarly, eger-de ol
şular ýaly hyzmatlary etmek üçin şahadatnamasy bolmadyk adam
tarapyndan edilen bolsa, şeýle hem tehniki şertleriň we/ýa-da
howpsuzlyk talaplarynyň bozulmagy bilen oturtmaklyk, uýgunlaşma,
üýtgetme ýa-da ulanyş zerarly ýüze çykan halatlarda hakyky däldir.
3. Eger-de kepillik möhletiniň
dowamynda harydyň bölegi ýa-da
bölekleri taýýarlaýjy tarapyndan iberilmedik ýa-da sanksionirlenen,
şeýle hem kanagatlanarsyz hilli we haryt üçin degişli däl bölek ýa-
da bölekler bilen çalşyrylan bolsa, onda sarp ediji şu kepilligiň ähli
islendik hukuklaryny, şol sanda öwez dolunmasy üçin hukugy ýitirýär.
4. Şu kepilligiň hereket edişi maksatnamalaýyn üpjünçilik, bezeg we
korpus şaýlaryna, çyralara, batareýlere hem-de akkumulýatorlara,
ses aýryjynyň iňňelerine antenlere we birikdiriji kabellere, gorag
ekranlara, zir-zibil toplaýjylara, torlara hem-de pyçaklara, fi ltrlere,
çotgalara, kartrijlere we çäkli ulanyş möhleti bolan beýleki şaýlara
degişli däldir.
Oturtmak we birikdirmek
Satyn alnan enjamlary oturtmak üçin Siz ygtyýarly guramalaryň we
hyzmat ediş merkezleriň tölegli hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz,
olar enjamlaryň kadaly ulanylyşy üçin ähli zerur bolan işleri geçirerler.
Şu kepillik boýunça borçlar 1-nji bentde agzalan ýurtlaryň
çäklerinde ygtyýarly guramalar we hyzmat ediş merkezler
tarapyndan ýerine ýetirilýär, olaryň sanawyny Panasonic Maglumat
beriş Merkezinden +7 (727) 298-09-09 telefon arkaly ýa-da
www.panasonic.com Internet-sahypasyndan alyp boljak.
Aksesuarlar we sarp ediş materiallar baradaky maglumatlary www.
panasonic.com alyp bilersiňiz
Bejerişiň gidişi baradaky maglumatlar „Bejerişleriň Habar Ulgamynda“
www.panasonic.com görkezilendir